7-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
RF-niň Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara dialogy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň uly goşandyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyz dürli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Döwlet Baştutany türkmen-rus döwletara dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belledi. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Wladimir Putin çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasatynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.