7-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Myhman Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministri Andreý Plenkowiçiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutany bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga aýratyn üns berilýär.
Prezident ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi.