Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen çagyrdy

Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Prezidentini Türkmenistana resmi sapar bilen çagyrdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri 7-nji oktýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana saparynyň çäklerinde aýtdy.

“Milli Liderimiz Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy” diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, bar bolan mümkinçilikleri has doly derejede durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna möhüm orun degişlidir.

Söhbetdeşler ulag-logistika, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýär. Türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhynyň, däp-dessurlarynyň, diliniň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bu gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini, ýurdumyzyň bu çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem söhbetdeşler halyçylyk, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993