Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

9-njy oktýabrda Duşenbe şäherine iş sapary bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny nygtady. 

Söhbetdeşler sebit howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Duşanbede geçirilen Buzluklary gorap saklamak boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyň ähmiýeti bellenildi. Bu maslahat ekologiýa deňagramlylygyny saklamakda we suw meselelerini çözmekde buzluklaryň eýeleýän möhüm ornuny görkezdi. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Taraplar iki ýurduň bu ulgamdaky mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, özara haryt dolanşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň soňky mejlisi 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edildi. 

Şeýle hem Türkmenistan we Täjigistan medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň biri bolmagynda galýar. 

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki ýurduň hem däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993