Türkmenistanyň DIM-nde Malaýziýanyň wekiliýeti bilen köp ýyllyk gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-nde Malaýziýanyň wekiliýeti bilen köp ýyllyk gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar birek-birege hormat goýmak we özara gyzyklanmalary nazarda tutmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny geljekde işjeňleşdirmek babatda pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda pikir alyşdylar, munda maýa goýum ulgamy ileri tutulýan ugur hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň üstünlikli geçirilendigini bellediler.

Nebitgaz ulgamyna, şol sanda Türkmenistanyň Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da bilim we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine hem seredip geçdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993