Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Aşgabatda şu ýylyň dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak foruma çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutany Duşenbede geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyşynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistanyň taryhy wakany — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, GDA ýurtlarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny, BMG-de, beýleki halkara guramalarda we forumlarda muňa işjeň ýardam berendiklerini nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
“Siziň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar hem-de Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.