Duşuşyk geçirildi

Duşuşyk geçirildi

«Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde raýat goranyş gullugynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda talyplara raýat goranyşy boýunça zerur maglumatlar, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş çäreleri, tehnogen we tebigy betbagtçylyklarda howpsuzlyk düzgünleri giňişleýin düşündirildi. Şeýle hem talyplaryň soraglaryna jogap berlip, amaly görkezmeler geçirildi.

Bu çäre ýaşlaryň dünýägaraýşyny ösdürmekde, olaryň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda hem-de döwletimiziň parahatçylykly ösüş ýolunda raýat goranyş ulgamynyň ähmiýetini açyp görkezmekde uly mana eýedir.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993