Türkmenistanyň Prezidenti RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

13-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Myhman Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy dowam etdirmekde möhüm ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn formatda hem netijeli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunda “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär.

Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993