Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Türkmenistandaky taslamalary maslahatlaşdy

Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Türkmenistandaky taslamalary maslahatlaşdy

15-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Işewür Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Işewür bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hemişe ygrarlydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-koreý hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.

Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, «Daewoo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi.

Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda himiýa senagatynyň ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow işewüre hem-de «Daewoo» kompaniýasynyň ähli işgärlerine Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993