Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna — Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň turbalarynyň kebşirleýiş işleriniň başlanmagyna simwoliki badalga berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Çäre Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň 153 kilometrlik böleginiň gurluşyk meýdançasynda geçirildi. Bu aralyk «Arkadagyň Ak ýoly» ady bilen atlandyryldy.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda bu taslamanyň tutuş sebite uly ykdysady peýdalar getirjekdigini nygtady.

Onuň bellemegine görä, taslama doly durmuşa geçirilenden soň, Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar. Mundan başga-da, ýerli ilat üçin müňlerçe iş orunlary dörediler. Şeýle hem gurluşykda 200-den gowrak döwrebap we kuwwatly tehnika ulanylýandygy bellenildi.

Owganystanyň Hökümetiniň başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar dabarada çykyş edip, TOPH taslamasyny «hyzmatdaşlygyň nyşany we ynamy berkitmegiň köprüsi» hökmünde häsiýetlendirdi. Ol Türkmenistanyň goldawyny aýratyn belläp, bu taslamanyň Owganystanyň energetika howpsuzlygy we durnuklylygy üçin örän möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Owganystanyň çäginde geçirilen kebşirleme işleriniň başlanmagy Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynda taryhy we möhüm täze ädim boldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993