Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasyny goldaýandygy üçin Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasyny goldaýandygy üçin Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz 20-nji oktýabrda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata bermek boýunça geçirilen dabaranyň barşynda çykyşynda belledi. Bu barada TDH habar berýär.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Çykyşynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biriniň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belledi. «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.

“Goňşy we sebit döwletleriň gülläp ösmeginde, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirildi. Ine, bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy üçin edermen türkmen gazçylaryna, şeýle hem bu taslamany goldandygy we ony amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993