Serdar Berdimuhamedow gaz akdyryş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen bagly teklibi makullady

Serdar Berdimuhamedow gaz akdyryş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen bagly teklibi makullady

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ibermek hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olara halkara tejribäni ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ibermek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993