Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi sapary başlandy

24-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapary bilen Italiýa Respublikasyna geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli Rim şäheriniň Fýumiçino Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Italiýanyň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda, Rimiň günorta-günbatar gapdalynda ýerleşýän bu iri howa menzili meşhur suratkeş we alym Leonardo da Winçiniň adyny göterýär.

Uçaryň ýanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende bellesek, dünýäniň döwletleri, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialog giň ugurlary öz içine alýar. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi diýip, TDH habar berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993