— «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahaty we sergisi ýokary derejeli guramaçylygy bilen bizde uly täsir galdyrdy. Men Türkmenistana ilkinji gezek gelip gördim. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi, açyk göwünliligi diýseň göwnümize ýarady. Aşgabat şäheri ak mermere beslenip, özüniň gözelligi, arassalygy, binagärlik aýratynlygy bilen haýran galdyrýar.
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyna gönükdirmegi ony bu babatda ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşlaryň birine öwürýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi hem munuň aýdyň beýanydyr. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu gaz geçiriji taslamanyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi halklaryň ykbalynda möhüm orny eýeleýän taryhy waka boldy.
Şeýle ýokary derejeli halkara forumyna gatnaşandygymyza, Güneşli Türkmenistany görendigimize hem-de ýyly myhmansöýerlige Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de Gahryman Arkadaga öz hoşallygymyzy bildirýäris.