TDHÇMB-niň söwdalarynda birnäçe ýurtlaryň işewürleri suwuklandyrylan gaz satyn aldylar

TDHÇMB-niň söwdalarynda birnäçe ýurtlaryň işewürleri suwuklandyrylan gaz satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Serbiýanyň telekeçilerine nah ýüplük, flanel matalar, buýan köküniň ekstrakty we pagta önümleriniň arassalanylan galyndylary ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak boldy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993