Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – ABŞ» sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – ABŞ» sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

«2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler we oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar», diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

TDH-nyň habar bermegine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy C5+1 sammitine gatnaşmak üçin çagyrdy.

«Men Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýaryn. Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.

Sizi Ak tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýlip, hatda aýdylýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993