3-4-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty» (CIET 2025) atly halkara maslahatynyň başlanmagyna bary-ýogy bäş gün galdy. Çäräniň Guramaçylyk komiteti taýýarlyklaryň jemleýji tapgyrda alnyp barylýandygyny habar berýär.
Maslahat döwlet düzümleriniň, halkara kompaniýalarynyň we işewür toparlarynyň wekillerini Türkmenistanyň möhüm pudaklarynyň geljekki ösüşi boýunça maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlär.
Maslahatyň guramaçylarty bolup, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi çykyş edýär.
Bu bilelikdäki tagallalar innowasiýalaryň ösüşine, tehnologik ösüşe we senagat pudagyny güýçlendirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň strategik ugruny görkezýär.
Çalyk Holding kompaniýasy CIET 2025-niň Baş hyzmatdaşynyň derejesinde çykyş edýär. Çärä dünýäniň 56 ýurdundan gelen 800-den gowrak wekil gatnaşar. Bu kompaniýanyň Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika ugurlarynda uzak ýyllaryň dowamynda goşan saldamly goşandynyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Maslahata gatnaşýanlar üçin Aşgabat–Türkmenbaşy–Aşgabat ugry boýunça ýörite çarter uçuşlar gurnaldy. Wekiller maslahatyň geçirilýän ýerine ýakyn ýerleşýän döwrebap «Berkarar», «Şamçyrag» we «Gämi» myhmanhanalarynda ýerleşdiriler.
Bellige almak we akkreditasiýa işleri «Şamçyrag» we «Berkarar» myhmanhanalarynda geçiriler. Bu ýerde gatnaşyjylara maglumat we guramaçylyk goldawy berler.
Maslahatyň maksatnamasyna umumy mejlisler, tematik panel duşuşyklary, B2G (hökümet bilen işewürlik) we B2B (işewürlik bilen işewürlik) gepleşikleri girýär.
Maslahatyň gün tertibine durnukly gurluşyk, energetika geçişi, senagatyň diwersifikasiýasy, himiýa önümçiligindäki innowasiýalar girýär.
Şeýle hem aýratyn üns sanlylaşdyrma, infrastrukturanyň ösüşi, adam ösüşiniň ykdysady ösüşde tutýan orny ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Giňişleýin maglumat: https://ciet-turkmenistan.com