Frankfurtda “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” başlanýar: Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Frankfurtda “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” başlanýar: Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

2025-nji ýylyň 30–31 oktýabrynda Frankfurtda halkara ykdysady forum — «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri» geçirilýär. Bu forum Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary berkitmek üçin iri dialog meýdançasyna öwrüler.

Çäre Radisson Blu Frankfurt myhmanhanasynda geçiriler. Foruma Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalaryndan we maliýe guramalaryndan — Deutsche Bank, Commerzbank, KfW IPEX-Bank, Bayer, BASF, Knauf, Merck ýaly 70-den gowrak kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem 50-dan gowrak türkmen kärhanalary we döwlet edaralary gatnaşar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlary — energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, dokma senagaty, saglygy goraýyş we farmasewtika hödürleniler. Meýilnamada tematik sessiýalar, ykdysady ikitaraplaýyn duşuşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Çäräniň baş hyzmatdaşlary hökmünde «Ojar Aziýa» kompaniýasy we John Deere çykyş edýärler. Bu forumyň strategik ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär.

Maksatnamanyň çäginde BASF we Wirtgen Group kärhanalaryna baryp görmek, şeýle hem Germaniýanyň öňdebaryjy ykdysady institutlarynda maslahatçylaryň gatnaşmagynda tegelek stollar geçiriler.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «TMT Consulting Group» guramasynyň goldawy bilen guralýar diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993