Daewoo E&C — CIET 2025 halkara maslahatynyň altyn hemaýatkäri

Daewoo E&C — CIET 2025 halkara maslahatynyň altyn hemaýatkäri

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd. kompaniýasy 2025-nji ýylyň 3–4 noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek CIET 2025 halkara maslahatynyň we sergisiniň altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş eder diýip, çäräniň guramaçylary habar berýärler.

Altyn hemaýatkär derejesi koreý gurluşyk kompaniýasynyň we Türkmenistanyň arasynda energetika hem-de senagat ugurlaryndaky strategik hyzmatdaşlygyň derejesini görkezýär. 1973-nji ýylda esaslandyrylan Daewoo E&C dünýäniň öňdebaryjy potratçylarynyň biridir. Kompaniýanyň 50 ýyldan gowrak tejribesi bar we häzirki wagtda 30-dan gowrak ýurtda energetika desgalarynyň, infrastruktura hem-de senagat toplumlarynyň gurluşygyny amala aşyrýar.

2022-nji ýyldan bäri kompaniýa Türkmenistanda hem işjeň hereket edýär. Daewoo E&C-niň ýurtdaky iň iri taslamasy Türkmenabatda gurluşygy alnyp barylýan mineral dökün öndürýän zawod bolup, onuň bahasy takmynan 682 million ABŞ dollaryna barabar. Kärhana ýylda 350 000 tonna fosfat dökünlerini we 100 000 tonna ammiýak sulfatyny öndürer diýip göz öňünde tutulýar. Taslamanyň 2028-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Daewoo E&C-nyň CIET 2025 forumyna gatnaşmagy — maslahatynyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de sebitiň energetika pudagynda durnukly hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

Has giňişleýin maglumat resmi saýtda ýerleşdirilen: www.ciet-turkmenistan.com

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993