Ahmet Çalyk: “Türkmenistan – maýa goýumlary üçin ygtybarly we geljegi uly ugur”

Ahmet Çalyk: “Türkmenistan – maýa goýumlary üçin ygtybarly we geljegi uly ugur”

«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Awazada geçirilýän CIET 2025 halkara maslahatyna gatnaşdy. Ol «Durnukly maýa goýumlaryň geljegi» atly umumy mejlisinde çykyş edip, onda senagaty döwrebaplaşdyrmak we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine üns çekdi.

Ahmet Çalyk çykyşynda Türkmenistanyň güýçli maýa goýum mümkinçiliklerini we onuň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň barha ösýändigini aýratyn belledi.

«Häzirki wagtda Türkmenistan durnukly ösüşiň global merkezleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Syýasy durnuklylyk, döwrebap senagat binýady we hyzmatdaşlyga açyklyk ýurdumyzy maýa goýujylar üçin ygtybarly we özüne çekiji mekana öwürýär» diýip, ol nygtady.

Ahmet Çalyk «Çalyk Holding» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyny belläp, Mitsubishi Heavy Industries ýapon kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Gyýanlydaky karbamid zawodyny «türkmen-ýapon-türk tehnologik hyzmatdaşlygynyň nyşany» diýip atlandyrdy.

«Biz Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrýan we halklarymyzyň dostlugyny berkidýän taslamalara goşant goşýandygymyza buýsanýarys» diýip, türk işewüri sözüni jemledi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993