CIET-2025: HNGU-nyň alymlary özboluşly plazma-himiýa desgasyny döretdiler

CIET-2025: HNGU-nyň alymlary özboluşly plazma-himiýa desgasyny döretdiler

4-nji noýabrda Awazada geçirilen CIET-2025 halkara maslahatynda Türkmenistanyň az uglerodly energetika ulgamy boýunça tehnologiýa üstünliklerini tassyklanyldy diýip, THP habar berýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNGU) rektory Baýrammyrat Atamanow Wodorod energetikasy merkezini we özboluşly plazma-himiýa desgasyny döretmekde uly üstünlikleriň gazanylandygyny habar berdi. 

Bu ylmy öňegidişlik Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan “Wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýol kartasynyň” durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

HNGU-nyň alymlarynyň esasy üstünlikleriň hatarynda Wodorod energetikasy merkeziniň döredilmegini agzap geçmek bolar. Täze düzüm alternatiw energetika ulgamynda ylmy-barlag we tejribe-gurnamaçylyk işlerine ýöriteleşendir. Merkezde ilkinji gezek plazma-himiýa dsgasy işlenip düzüldi. Ol tebigy gazy wodoroda we tehniki uglroda konwerisiýa etmäge niýetlenendir.

Bu desganyň işlenip düzülmegi Türkmenistan üçin iki sany strategik ähmiýete eýe. Ol tebigy gazdan alynýan iň arassa energiýa geçirijileriniň biri bolan wodorod ýangyjyny almaga, şol bir wagtda zyýanly zyňyndylary azaltmaga mümkinçilik berer. Munuň özi ýurdumyzyň pes uglerodly tehnologiýalary özleşdirmekde abraýyny berkidýär.

Elektroliz üçin barlaghana desgasy bilen bir hatarda bu taslama uniwersiteti ýokry hünär taýýarlykly işgärleri taýýarlamakda öň hatara çykarýar.

Şeýlelikde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU ýurdumyzyň energetika mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmakda işjeň ornuny görkezýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993