Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

5-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşler yzygiderli we depginli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki dialog bilen berkidilýän iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Gepleşikleriň barşynda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda ozal gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany hasaba almak bilen, sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanmanyň bardygy aýratyn bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselesini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda geljegi uly bolan we özara bähbitli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen teklipler öňe sürüldi.

Saparyň çäklerinde Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Ahal welaýatynyň ýolbaşçylary hem-de degişli ministrlikler we pudak edaralar ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993