Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Liderleri döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýarlygyny tassykladylar

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Liderleri döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýarlygyny tassykladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamda geçiren duşuşyklarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny tassykladylar diýip, TDH habar berýär.

«Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammitiň öňüsyrasynda geçirilen duşuşygyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany duşuşmak üçin Ak tama gelmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu formatyň ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi we bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýdyp, Birleşen Ştatlaryň ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygyny, Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993