Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi

Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi

Aşgabat şäherinde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berilýär.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, şeýle hem söwda, ulag, energetika, «ýaşyl» ykdysadyýet, bilim we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugurlaryny alyp barýan Ýewropa Bileleşiginiň pudak işgärleri gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibi Türkmenistandaky we Ýewropa Bileleşigindäki makroykdysady ýagdaý, söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermek, ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sanlylaşdyrma, energetika we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlyk, şeýle-de ynsanperwer we bilim taslamalary ýaly meseleleri öz içiçne aldy. Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa – ÝB» formatynda sebit hyzmatdaşlygynyň meselelrine aýratyn orun berildi.

Taraplar söwda-ykdysady ugurdaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de özara haryt dolanyşygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika ulgamynda energiýa serişdeleriniň daşama ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça pikir alşyldy. Ekologiýa taslamalaryň we zyňyndylary azaltmgyň ähmiýeti nygtaldy.

Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar bilelikdäki taslamalary we teklipleri ilerletmäge taýýardyklaryny aýtdylar, geljek ýyllar üçin «Türkmenistan – ÝB» ikitaraplaýyn Ýol Kartasyny işläp taýýarlamak we Türkmenistanda pudaklaýyn forumlary geçirmegi meýilleşdirýändiklerini bellediler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993