Türkmenistanyň DIM-niň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň iki döwletiň dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmekdäki ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň gün tertibine ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly meseleler hem girizildi.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrylmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.