8-nji noýabrda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär.
Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologik çäre bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän wajyp medeni-durmuş wakasydyr. Ol adamlarda, aýratyn-da, ýaş nesillerde tebigata aýawly garamak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini kemala getirýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir.
Döwlet Baştutanynyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren däp-dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar.

Ýurt boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäreleri çäklerinde 449 müňden hem köp bag nahallary oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak bilen bir hatarda, jemi 1,9 milliondan gowrak agaja ideg işleri geçirildi.