Aşgabatda Türkmentel-2025 we ITTC-2025 forumlary geçirildi

Aşgabatda Türkmentel-2025 we ITTC-2025 forumlary geçirildi

Aşgabatda 12-14-nji noýabrda «Türkmentel-2025» XVIII halkara sergisi we ylmy maslahaty, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahaty we sergin geçirildi diýip, Turkmenportal habar berýär.

Ilkinji gezek iki halkara forum bir ekspozisiýa we dialog meýdançasynda birleşdirildi. Bilrmenleriň bellemegine görä, şeýle hyzmatdaşlyk görnüşi ýokary tehnologiýalar hem-de ulag çözgütleri babatyndaky içerki we halkara üstünlikler bilen has giňişleýin tanyşmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.

Çärelere halkara guramalaryň – Halkara Elektaragatnaşyk Birleşiginiň (ITU), Bütindünýä Poçta Birleşiginiň (UPU), şeýle hem dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Olararyň arasynda Ozon, Huawei, Nokia, Cisco, Juniper, Thales, IBM, Mitsubishi, Turkish Post, Kras-Logistics GmbH, China CAMC Engineering we China Harbour Engineering Company bar. Umuman, Aşgabatda 80-den gowrak daşary ýurt kompaniýasy we 350 wekil ýygnandy.

«Türkmentel-2025» forumynyň çäginde sanly ykdysadyýet, kiberdurnuklylyk, 5G tehnologiýalary, emeli aň hem-de telekommunikasiýa ugurlaryndaky innowasion çözgütler tomaşaçylara hödürlendi. Şeýle hem FinTech forumy, ITU-nyň okuw maslahaty we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde halkara startap-forumy geçirildi.

ITTC-2025 maslahatynyň meýdançasynda bolsa esasy ugurlar: geljekde ulag ulgamynyň konsepsiýasy, sebitleýin arabaglanyşyk we multimodal infrastrukturanyň geçelgeleri, howa ulaglarynyň durnuklylygy, ulag-logistika zynjyrlary üçin innowasion çözgütler hem-de bu ugurlara maýa goýumlary çekmek boýunça çykyşlar we prezentasiýalar guraldy.

Forumlaryň çäklerinde milli hünärmenler tarapyndan maglumat tehnologiýalarynyň dürli ugurlary boýunça geçirilen «Sanly çözgüt – 2025» atly giň gerimli innowasion bäsleşigiň jemleri jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993