“Türkmentel – 2025” sergisinde türkmen dilinde gürleýän robotlar hödürlendi

“Türkmentel – 2025” sergisinde türkmen dilinde gürleýän robotlar hödürlendi

Aşgabatda «Türkmentel – 2025» halkara sergisinde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti türkmen dilini goldaýan emeli aň (EI) esasynda işleýän robot tehnologiýalaryny hödürledi diýip, Turkmenportal habar berýär.

Elektron senagaty boýunça Türkmenistanyň iri öndürijileriniň biri bolan «Aýdyň gijeler» kompaniýasy milli sergilere yzygiderli gatnaşyp, täze önümleri bilen çykyş edýär we önümçilik gerimini barha giňeldýär.

Bu gezekki sergide kompaniýa emeli aň esasly robototehnikadan başga-da, elektron enjamlar, kabel önümleri, töleg we SIM-kartalar, lukmançylyk ätiýaçlandyryş kartalary hem-de bankomatlar ýaly giň assortimentdäki elektron önümleri görkezdi.

Foruma Türkmenistanyň we birnäçe daşary ýurtlaryň — Azerbaýjan, BAE, ABŞ, Beýik Britaniýa, Belarus, Gazagystan, Germaniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Russiýa, Hytaý, Şweýsariýa we Ýaponiýa ýaly döwletleriň — 80-den gowrak ugurdaş kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy. Daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň aglabasy ýurdumyzyň sanly ulgamyny ösdürmek we Türkmenistanyň sebitde möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde ornuny berkitmek boýunça giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşýarlar.

Sergide birnäçe türkmen hususy kompaniýalary hem öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler. Olar sanly platformalar, mobil goşundylar hem-de programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça ýöriteleşen «Belet», «Sanly çözgüt – IT meýdança», «Nokat Kompýuter» we beýleki hojalyk jemgyýetleridir.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993