NOKIA Türkmenistanyň energetika ulgamy üçin tehnologiki çözgütlerini hödürledi

NOKIA Türkmenistanyň energetika ulgamy üçin tehnologiki çözgütlerini hödürledi

Aşgabatda «Türkmentel – 2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde NOKIA kompaniýasynyň Hazar sebiti we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Balyçew türkmen hyzmatdaşlary, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Balyçewiň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 5G (bäşinji nesil) tehnologiýasynyň has giň gerimli örtügini döretmek we degişli hyzmatlary bermek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bilrmen «bäşinji nesil» standartlarynyň ulanylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine oňyn täsir ýetirmegini belledi.

«Energetika ulgamynyň düzümleriniň işjeň we durnukly işlemegi zerurdyr. Şonuň üçin bu ugurda üznüksiz aragatnaşygyň üpjün edilmegi örän möhüm bolup durýar. Sebäbi öndüriji kärhanalaryň aglabasy uzak ýerlerde ýerleşýär. Biziň kompaniýamyzyň mümkinçilikleri halkara talaplaryna laýyklykda desgalarda wideo gözegçiligi ýola goýmakdan, şeýle hem dürli logistika we nawigasiýa hyzmatlary üçin tehniki goldaw bermegimize ýeterlikdir» diýip, NOKIA-nyň sebitleýin bölüminiň ýolbaşçysy aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň sanly bazary täzelenmäge doly taýýar.

«Häzirki döwür “Altyn asyr” bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, döwlet edaralaryna, uglerod çig malyny çykaryjy kärhanalara we logistika merkezlerine hyzmatlarymyzyň berilmegini giňeltmek üçin iň amatly döwürdir. Biz özara peýdaly hyzmatdaşlyga doly taýýar» diýip, Balyçew sözününi jemledi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993