Aşgabatda 12–14-nji noýabr aralygynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrysýak türkmen döwlet we hususy düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
«AÖB ösüş babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna buýsanýar. Biz bu ýurtda eýýäm 25 ýyldan bäri işleýäris we ýurduň ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýäris. Bank sebitleýin arabaglanyşygy berkitmekde, infrastruktura giňeltmekde, şeýle hem esasy edaralaryň we adam maýasyny ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň dowamynda AÖB ulag, energetika we saglygy goraýyş pudaklaryna maýa goýumlaryny amala aşyrdy» diýip, Andrysýak aýtdy.
Wekilhananyň direktory Türkmenistanyň ulag geçelgeleriniň merkezinde ýerleşýän möhüm strategik ornuny belläp, bu ugurda alnyp barylýan taslamalara AÖB-niň goldaw berýändigini nygtady.
«Bu möhüm maslahatyň wekili bolmaga döredilen mümkinçiligi üçin gurnamaçylara minnetdarlyk bildirýärin. Men birnäçe ýyldan bäri bu çärä uly gyzyklanma bilen gatnaşyp gelýärin. Aýratyn nygtasym gelýän zat, Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgeleriniň merkezinde strategik ähmiýete eýedir. Ýurt ulag infrastrukturasyna işjeň maýa goýýar, Aziýa ösüş banky bu meýdançany goldaýar we mundan beýläk hem Türkmenistana ýardam bermäge taýýar» diýip, Andrysýak belledi.