Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada TDH habar berdi.

Sapara görülýän taýýarlyk barada wise-premýer R.Meredow anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, durnukly esasda ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 

Nygtalyşy ýaly, Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Özbegistan hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly dialogy ösdürmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

“Özbegistan Respublikasy biziň ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär” diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine konsultatiw duşuşyga hem-de Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993