Bilelikdäki möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär

Bilelikdäki möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Nimbo şäherindäki Politehniki uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti, onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, tejribeleri paýlaşmak, teklipleri seljermek, öwrenmek bilen bagly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzdan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp-mugallymlary wekilçilik etdi, şeýle-de Gazagystan, Täjigistan, Ermenistan, Belarus Respublikalaryndan wekiller gatnaşdylar.

Bir hepde dowam eden maslahatda halkara hünär bilimi taslamasy bolan «Lu Ban ussahanasynyň» mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Bu taslama 2016-njy ýylda Hytaýda döredildi we ýokary bilimli hünärmenleri kämilleşdirmekligi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy we ornaşdyrmagy, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, öz hünär başarnygyňy ösdürmegi, täze pikirler, seljermeler bilen baýlaşdyrmagy hem pugtalandyrmagy baş maksat hökmünde öňe sürýär. Çäräniň dowamynda Hytaýyň ylym-bilim işgärleriniň hem-de myhmanlaryň çykyşlary diňlenildi, özara pikir alşyldy, duşuşyklar geçirildi.

Ýokarda agzalan taslama ýurdumyzyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem döredilýär. Häzirki wagtda «Lu Ban ussahanasynyň» binasynyň düýpli abatlaýyş işlerini has çaltlandyrmak maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýardam etmeginde, şertnama esasynda, düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-daky halkara hünär bilimi taslamasy Türkmenistanda ilkinji gezek döredilýär hem-de hususan, nebit inženerçiligi we tehnologiýalary, maglumat tehnologiýalary, nebiti, gazy daşamak ýaly ugurlara gönükdiriler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993