Prezident Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Oman Soltanlygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ýakynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Oman Soltanlygynyň daşary işler ministri Badr bin Hamad Al-Busaidiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça türkmen-oman hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.
Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem degip geçdiler. Bu forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler.