Türkmenistanyň Prezidenti 24-25-nji noýabrda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti 24-25-nji noýabrda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar

2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary meýilleşdirilýär. Sapara taýýarlyk görlüşi barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýuldy. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilip, dürli ugurlary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystana boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993