Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti 131 mlrd manatdan geçýär

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti 131 mlrd manatdan geçýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde tassyklady. Degişli kanun merkezi neşirlerde çap edildi.

Kanunda Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýlip bellenildi.

Şeýle hem býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýlip bellenildi.

Mundan başga-da, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýlip bellenildi

Degişli resminama 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda maslahatlaşylyp, kabul edildi.

Maslahatyň barşynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, esasy maliýe-hukuk resminamasy möhüm pudaklaryň durnukly ösüş depginini saklamagyň, sebitleri ösdürmegiň, umuman, Diýarymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň hasabyna giň gerimli özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993