Doha şäherinde hökümetara toparyň mejlisinde Türkmenistanyň we Kataryň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Doha şäherinde hökümetara toparyň mejlisinde Türkmenistanyň we Kataryň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

26-27-nji noýabrda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň hem-de Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň daşary söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al Saýediň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Çäräniň resmi bölegi başlamazdan öň, iki ministriň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň dürli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer meseleleriniň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemek girizildi.

Taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ozal gazanylan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler.

Mejlisiniň jemleri boýunça Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993