Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy

28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan ýurdumyzyň nebitli känlerinde hem-de meýdançalardaky guýularda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär. “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy we ol umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy. Munuň özi bu käniň geljeginiň uludygyny we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmakda örän ähmiýetlidigini aýdyň görkezýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere uglewodorod serişdelerine baý bolan nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993