Ýakyn ýyllarda Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Al-Haý Al-Hammeli döwletiň jar edilen güni mynasybetli «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada belledi.
Diplomatyň bellemegine görä, «2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky (nebit bilen bagly bolmadyk) söwda dolanyşygy 1,759 milliard ABŞ dollaryna ýetdi we bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 75% ösüşiň gazanylandygyny görkezýär. BAE ýakyn ýyllarda bu görkezijini iki esse artdyrmagy maksat edinýär».
Ilçiniň sözlerine görä, 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynyň jemleri boýunça BAE Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynda üçünji orunda ýerleşýär. Ol aýratyn energetika ulgamy boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginde ösýändigini belläp, ADNOC kompaniýasynyň türkmen bazaryna girişini aýratyn nygtady.
Diplomat şeýle hem 2025-nji ýylyň maý aýynda Hazar deňzindäki 1-nji blokda ýerleşýän gaz känlerini özleşdirmek boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga XRG (ADNOC-yň maýa goýum bölümi), Petronas hem-de Türkmenistanyň döwlet kärhanalarynyň arasynda gol çekilendigini ýatlatdy. Mundan başga-da, gaz satyşynyň uzak möhletli şertnamasy hem baglaşyldy.