Noýabryň soňky hepdesinde TDHÇMB-de 18 geleşik baglaşyldy

Noýabryň soňky hepdesinde TDHÇMB-de 18 geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18 sany geleşik baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli kärhanalarda öndürilen buýan kök we onuň kök böleklerini satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebit koksuny, polipropilenini we nebit bitumyny, şeýle hem “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň ilkinji sort bugdaý ununy 209 million 90 müň manat möçberde satyn aldylar. Şeýle-de ýurdumyzyň telekeçileri 432 müň amerikan dollaryndan köp möçberde ýerli önümçilikde dokalan matalary satyn aldylar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993