Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy şu ýylyň ýanwar - oktýabr aýlarynda 8 milliard 343 million 699 müň amerikan dollaryna ýetdi diýip, Hytaýyň Baş gümrük edarasy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, haryt dolanyşygynyň esasy bölegini türkmen eksporty düzdi. Ýanwar–oktýabr aýlarynda Türkmenistan Hytaýa jemi 7 milliard 59 million 77 müň amerikan dollarlyk önüm eksport etdi. Şol döwürde Türkmenistan Hytaýdan takmynan 1 milliard 284 million 622 müň amerikan dollarlyk haryt import etdi.
Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi turbageçiriji arkaly üpjün edilýän tebigy gaza degişlidir.