12-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, Interfaks habar berýär.
“Prezidentimiziň 12-nji dekabrda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär” – diýip, Kremliň wekili aýtdy.
Şeýle hem, ol Prezident Wladimir Putiniň 21-22-nji dekabrda Sankt-Peterburgda boljakdygyny we şol ýerde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygynyň geçiriljekdigini belledi.
Öň habar berlişi ýaly, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini telefon arkaly doglan güni bilen gutlady we ony 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Wladimir Putin sebitleýin parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň ägirt uly ornuny aýratyn nygtady.
Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydygyny, ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşykleriň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda guralandygyny belledi.