Türkmenistan we Global Gaz Merkezi gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistan we Global Gaz Merkezi gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

1-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen Global Gaz Merkeziniň (GGC) ýolbaşçysy Waleri Dýukronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda dünýä bazarlaryna gazyň iberilmeginiň ygtybarlylygyny üpjün etmegiň ähmiýetiniň artmagy, howpsuzlygy, diwersifikasiýany berkitmegiň we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň bähbitlerine sebit energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem türkmen gazynyň eksport ugurlaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmen tarapy halkara energetika düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşykda Türkmenistanyň sebit we ählumumy energetika gün tertibini kemala getirmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki orny nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapy halkara energetika institutlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

GGC energetika howpsuzlygy, sebitleýin hyzmatdaşlyk, infrastruktura taslamalary we pes uglerodly ykdysadyýete geçiş meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan garaşsyz hünärmenler_platformasy hökmünde hereket edýär. Gurama tehnologik taýdan pragmatik çemeleşmäni öňe sürýär: tebigy gaz, pes uglerodly we gaýtadan dikeldilýän gazlar energiýa geçişiniň deňagramly bölekleri hökmünde kabul edilýär.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993