Eýran 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma ýokary derejedäki wekiliýeti bilen gatnaşar. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani habar berdi. Bu barada 5-nji dekabrda Türkmenistan Halkara habarlar portaly ýazýar.
Bellenilişi ýaly, ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny hemişelik Bitaraplygyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady. Ol bu şanly senäniň ýurduň parahatçylyga, durnuklylyga we ösüşe ygrarlydygynyň nyşanydygyny belledi.
Ilçi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň 2025-nji ýyly "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýip yglan etmeginiň ähmiýetini nygtady. 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara forum möhüm waka bolup, oňa Eýran ýokary derejede gatnaşar we Türkmenistanyň Bitaraplyk ugruny goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklar.
Şeýle hem ol Eýranyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparynyň iki ýurduň arasyndaky ähli taraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Ýakyn goňşy bolan Eýran üçin Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi serhetýaka durnuklylygy üpjün etmekde, energetika hyzmatdaşlygynda we durnukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Eýran bu syýasaty sebitleýin parahatçylyga goşulan strategik goşant hökmünde görüp, ony hemişe goldaýar diýip, ilçi belledi.