Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu resminama 6-njy dekabrda metbugatda çap edildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.
Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.