Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçiriler diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Sergi ykdysadyýetiň milli pudaklarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, telekeçiligi ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şanly senäniň hormatyna guralýan çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Guramaçy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Sergi 11-nji dekabrda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli; 12-nji dekabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli dowam eder.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993