10-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Hiroýuki Subaý ýurdumyzyň ýolbaşçylaryny Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanyň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt maýasynyň çekilmegine aýratyn üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň «ITOCHU» kompaniýasynyň Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Keletedäki sement zawodynyň we Mary welaýatyndaky karbamid zawodynyň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň ýola goýlan bu netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Hiroýuki Subaý Türkmenistanda ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Hiroýuki Subaý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.