Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata YBTGI-niň alymlary, ylmy işgärleri, ýaş hünärmenler gatnaşdy.

Maslahatyň başynda, ilki bilen, bu ylmy edaranyň geologiýa işleri boýunça başlygynyň orunbasary Rahmetnur Aýmämmedow, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjow goşa baýramçylyk mynasybetli gutlag sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde toplumyň ylmy işgärleri üçin döredilen amatly şertler, nebitgaz senagatynyň önümçiligini, geologiýa pudagynyň işini ösdürmekde ylmy-barlaglaryň ähmiýeti, häzirki wagtda degişli ugurlarda gazanylýan oňyn netijeler barada çykyş etdiler. Soňra pudagyň işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Maslahatyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserninde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça geçirilýän çäreler, suwly işleýän ulanyş guýularynda gazy çykarmagyň tehnologiýasy, Gazlydepe gaz känini işläp geçmekligiň aýratynlygy, wodorodlaşma prosesiniň poslama täsiri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, Demirgazyk Balguýy we Kükürtli gaz känlerindäki turşy gazlary amin bilen arassalaýan desgalaryň häzirki ýagdaýy, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň innowasion tehnologiýalary, Türkmenistanda kauçik önümçiligini ýola goýmagyň maddy binýady barada halypa alymlaryň we ýaş hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi.

Dabaraly pursatlara beslenen çäräniň dowamynda göreldeli işgärlere baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy, şahyr Baýramsoltan Gurbanowanyň nebitgazçylary, geologlary, olaryň milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrýan asylly işlerini taryplap goşgulary okamagy ylmy-amaly maslahatyň has-da täsirli geçmegini şertlendirdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993