Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Вitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanyldy. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminama ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny esaslandyrmaga, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyna ýolbaşçylyk edip, köp sanly halkara çäreleri ýokary derejede geçirmäge goşan ägirt uly şahsy goşandyny, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny milli kanunçylyga ornaşdyrmakda berýän gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, şeýle-de halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli kabul edildi.