Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa bardy

17-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa bardy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi Corporation”, “ITOCHU”, “Sojitz” ýaly öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlygyň netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk önümçilik kärhanalary döredildi. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Gyýanlyda polimer zawodynyň, Garabogazda karbamid zawodynyň işe girizilmegi bu strategiýanyň dowamy boldy.

Bu taslamalar Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň senagat taýdan ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.

Ýaponiýa şu gezekki sapary Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşdy, şeýle-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirdi. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň milli pawilýony bu giň möçberli sergide ilkinji bolup açyldy we iň gelim-gidimli pawilýonlaryň biri boldy.

Umuman, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, dürli ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993