Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy.

“Türkmenistan” gazetiniň habar berşi ýaly, duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, «Çalyk Holding», «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti duşuşygy açyp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge möhüm itergi boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýar. Ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak, korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleri biziň üçin milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan ykdysadyýetiniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen, öz tagallalaryny birnäçe ileri tutulýan wezipelere gönükdirdi. Şolaryň hatarynda ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, “ýaşyl” geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we halkara ulag-logistika arabaglanyşygy ösdürmek ýaly wezipeler bar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurlaryň her biri boýunça ýapon kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy üçin hakyky we özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Işewürler Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Şeýle-de olar hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň, onuň çäginde geçirilen duşuşygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993